- ussalyk
- Ussanyň käri, ussanyň hünäri.∙ Çoýan ak ýürekden işläp, ussalyk deňine ýetdi. (R. Seýidow, Lebap Gyzy)∙ Bolsa-da pahyr ussa adamdy -- diýşip, ukyply ussalygy we adamkärçiligi hakunda gowy gürrüň edýärler. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, k sesi g sesine öwrülýär.Meselem ussalyk - ussalygy.
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.